Ana içeriğe atla

Gök kit oýuny

GÖK KIT OÝUNY BARADA
Ýazar Rahat Gurbanow

2016 njy ýylda ýaýran bu oýuny oýnan adamlar özüni öldürýälermi ? 
Bu oýun aslynda 2016 njy ýylyñ başlarynda VKONTAKTE programasynda ýaýrap ugrady. Oýny şo ýerden oýnap bolýardy. Ýagny oýnamana çagyrylýardy. Aýtmaklaryna görä oýun bir adam tarapyndan däl, 10, 20 ýada ondanam köp adam tarapyndanam ýöredilýärdi. Elbetde oýun Russiýada çykansoñ ilki oýnap başlanlar Russiýaly ýaşlar boldy. Soñabaka Ukraýina, Belarussiýa, Türkiýe hatda Türkmenistanada ýaýrady. Bu oýundan ölen adamlar köpelip başlansoñ polisýa işgärleri aýaga galdylar. VKONTAKTE niñ adminine ýüz tutdular we VKONTAKTE Russiýa degişli bolansoñ polisýalaryñ diýenini kabul etdi we VKONTAKTE programasyna BLUE WHALE diýip girenleri programadan blok etdi. Öñ oýnun ady dine BLUE WHALE CHALLANGE diýip gitsede soñ ady üýtgedildi. Aytmaklaryna görä 130 adam şo oýun zerarly öz janlaryna kast edipdir. Esasy ýaş gyzlar. 2016 njy ýylyn ahyrlarynda bolsa oýny çykaran, ýagny PHILIP BUDEÝKIN atly ýaşajyk bir oglan tutuldy. Elbetde oýny çykaran şoldy etažda ýaşaýany üçin göni öýüni basdylar we göni yatan ýerinden tutup alyp gaýtdylar. Oýny çykaran ýaşajyk bir oglan nädip beýle oýun çykardy kim bilýär. PHILIP BUDEÝKIN oýny çykarany üçin we adam öleni üçin 3 ýyl türme jezasy berildi. O basylandan soñ oýnyñ bady ýatdy. Soñabaka bu oýun hemme yerden pozuldy. 
Indi men bir zady pikir etýän nädip 130 adam ölip bildi. Ynanyp bilemok 130 adam bir oýun ýüzünden nädip öldi ? Aslynda beýle zat ýok doslar. Beýle panika döreder ýaly temany ulaldar ýaly hiç hili zat ýok. Adam öldimi ? Heh aslyna seredeñde 130 sany adamam däl ekenlaý. Soñabaka bilindi bir kaka gyzyny öldürip şo oýunyñ üstüne atypdyr. Belki hemmesi şeýledir kim bilýär. Bu temany şeýle bir ulaltdylarda hatda habarlara, youtube da tema boldy. Youtuberlar şeýle bir janygyp düşündirip başlady hatda döwlet meselesini düşündirýän ýaly. Nämemiş bir oýun döräpmiş we adam öldürýämiş. O oýun ýüzünden adam ölmezä elbetde ölen bardyr olam norm adam däldirdä ýa psihologiýasy şo zatlara ýakyndyr. Ýada kellede bir hassalyk bardyr. Ýagny hemme adam ýaly däldä. Bolman kellesi düzük adam bir oýun ýüzünden ölmezä. Şu wagt gülkim gelýädä haýsy düzüw adam bir oýun ýüzünden özüni öldürsin şoña kelleleri çatanokmyka. Beýle boljak bolsa adamyñ samsyk bolmasy gerek. Elbetde ölenler ýaşlarda hemde gaty ýaş welin şo oýuna aldanyp bilýärdä. Ölenleriñ köpüsi düzüw we norm durmuşda däl eken ýagny maşgalasynda bir problema bar, psihologiýa bozuk we şoña meñzeşlerdä. Ýo men indi youtuberlara düşünemok, ýüzlerini gözlerini gaharlandyran bolup, serýoznysyrap bir video çykaran bolup başladylar. Hatda Burak Güngör şo oýun barada 15 sany video çykardow. Özem her videoda "BU VIDEO EÝLEKILERDEN ÜÝTGEŞIK BOLAR" diýýär bolmasa hemmesem şo bir zatlar hemmesem şo bir videolaý. Ýo ýüzem bir bäbek owadanja bir ponçik ýüzi ba welin gelişmesede ýüzüni gaharlandyryp, gaşlaryny çitip, kamera erbet stilli seredip durhow haýsy tema bilen kime näme düşündirýäñ. Bor ine Ruhi Çenet bar oña näme bolsada gaharlanyp ýada paranormal videolar çekmäne ökde. Oña gelişýär oñ işi şol. Ýöne myýmyrap duran tokgaja ýüzün bar ondada gaharlanýañ welin al saña sypat...Bla janygýan bolmagym ahmal ýöne nädeýin hemme adam esasy ýaşlar "WAÝ ADAM ÖLIPMIŞ", "WAÝ ANA ÝENE ÖLÜPMIŞ" soñabaka nirä barsam şu gepow "ADAM ÖLIPDIR" diýşip. Şo ýerde ýakasyndan tutup "MAL BOLSAÑ SENEM ÖL" diýesim gelýä welin borlaý... Aslynda oýun beýle bir howply däl. Hatda gyzykly oýun. Hezil oýun. Habarlara nämä gerek diýsene. Nä dünýä gopdymy ýada asman düşdimi näme boldy olara nämä geregaý. Tema tapman üns çekjek bolup bir düşündirýäler. Youtuberlaram şeýle olara diñe öz videosynyn ösmesi, öz videosynyñ köp seredilmesi. Aladasy şo olañ başga işi ýok serýoznysyrap size düşündirjek bolýalar uly bir iş eden ýaly. Ynanmañ beýle zada bir youtuber video çykardy diýip gorkup panika döretmegiñ geregi ýok olaryna aladasy şo sizi gorkuzmak üns çekmek videosynyn adynyñ ösmesi. Bolmasa özleri bilýär şolar ýaly howply däldigini ynanaýyñ gaty gowy bilýär nämäñ nämedigini. Aslynda seredeñde oýun dälde şo habarlar howply. Yotuberlar howply. Şeýdip habar berip ol oýny has beter howply etýälerä. Eý şeýle panika döredidä hiç kim ortadaky hakykaty görip bilmedow. Ynanýanlara gaharym gelýädä nä samsykmy siz, dälimi siz, mañmy güñmi näme bir oýunyñ şeýle bolup bolmajagyny bileñzokmy. Birem çykyp diýenokda "NÄMÄÑ PANIKASY" diyip. Gaýta olaram gep edip bilmediklerede bildirýärä. A bolman gizlin zat gyzykly bolýada her kim göresi geler gep edesi geler. Şo youtuberlar birtopar habar ýaýradyp panika döretmedik bolsalar kim bilýa belki oýun şuwagt Play Marketda durardy. Göz öñüne getirin telewizory açdyñyz we bir ýerde uly näbelli jandar görlüpdir diýip panika döredip habar berer. Sizem eýýäm gyzyklandyñyzda baryp eýlekilere dostlaña zatlaña aýdasyñ geler we senem şeýdip panika döredersiñ olaram baryp öz dostlaryna aýdar we eýýäm uly gep...Bla hem gaharym hem gülkim gelýä ynanýan adam ba bolsa samsyk ýada däli bolmasy gerek. Bir kellesi düzüw adam şeýle zadyñ şonça panika döretmejegine ynanýar we "HAÝ EAS ÇAGALARY" diýerde goýar. Passanlara nämä gerek "MEN ŞO OÝNY OÝNADYM" youtuberlañ ýalan video çykaryp soñam bilinmesi ýadyma düşýär indä bilýäleremlaý howply däldigini. Indi bilensiñiz panikadygyny. Aslynda hemme zat panika ynanaýyñ hemme zat. Bolman kelle ýerinde däl biri o geplere aldanar we ejiz bolany sebäpli çydap bilmez. 130 adam ölüpdir. Näme añsatmy beýle ölmek ýada özüñi öldürmek. Añsatmy näme bir adamyn beýle kiçijek zat ýüzünden ölmesi. Howp oýunda dälde diñe habarlarda. Maşgalalaram şeýle ejesi kakasy hem o gepi eşder we "ANA ADAM ÖLIPDIR" diýip panika döreder we çaga gorky salar. Ynanaýyñ şeýdip çagalara gorky salýalar. Burak Güngöriñ videolary gaty köp prosmotr aldy. Sen ilki bilen näme diýýäniñi bilä belki çagalar señ videoñy görýändir olary oýun dälde sen gorkuzýaña. Oýny tembol VKONTAKTEDEN alyp bolanoga ondañ oýnamanka uly basgy bilen gorky salmalary nämaý. Haý borda ýöne beýle zada ynanmañ how dostlar ynanmañ panika bilen adam gorkuzup ösmek mümkin ýöne hakykatdan gaçmak asla mümkin däl. Ynanýanlar şuwagtam gorkup balagyñyza goýberip dursuñyzmy ýa. Beýle erbet oýun ba bolsa aýdyñ bizem oýnap görjek. Aýdyñ hany barlap göresim gelyär. Olar ýaly hiç ýerde ýok bir oýun ýüzünden ölen adam dp zat ýok doslar. Oña beýle diýmek üçin diñe samsyk bolmasy gerek. Ynanmañ beýle panikalar bilen köp gabat geldim çagalary gorkuzup at alanyñ bilen çagalara zyýan etýäña sen olary gorkyzyp. Goýyñ şo mal hereketleriñizi panika döretmäni besediñ hemme zady başladan siz oýundan beter siz howply. Umuman diýjeklerim şulardy doslar eger ýene biri şo oýundan ölse gepleriñ oýnatkysy bolup panika dörediñ. Şondada biz hakykady bilýäs. Hakykady bilen bolsañyz gerek bilmeseñizem oýnatky bolsañyz gerek. Sagbolyñ sagaman oturyñ.

Yorumlar

  1. Mena gok kid diydi welin gaty gyzykly zat yazykdyr oydup girdim yone Rahatjan oz pikirini aydypdyr basy gowy baslayada sony eyyam oz pikirin bolup gitya

    YanıtlaSil
  2. Hawa admin opsi gok kit barada goyay name etyaler oyun nahili oyundaky etmeli zatlar solar barada goyay gaty isleyanda hayys admin so barada uly tema goyay

    YanıtlaSil

Yorum Gönder

Iñ köp okalanlar

Syrly wakalar official