Ana içeriğe atla

Hackerleriñ edenleri

Hackerleriñ edenleri
Hackerleriñ gaty erbet zatlar edip bilýändigini bilýäris. Hackerler bir banka çozup milýartlap pula sokup biler. Watan söýüji hackerleriñ bolşy ýaly erbet niýetliside bardyr. Elbetde hackerleriñ erbedi köpdir. Sebäbi hacker diýlende hökman bir zady ýapyp, pula sokup ýören adam göz öñümize gelýär. Bu aslyndada şeýledir, hacker erbet niýetlilikdir. Hacker gowy adama diýilmeýär. Biz bu ýazgyda erbet niýetli hackerler we edenleri barada aýdyp geçeris. 
Hackerleriñ esasy köp ýeri Deep Webdir. Deep Webde her hili erbetlikler edip bilýäler. Sebäbi Deep Webiñ asyl niýeti gizlinlik bolansoñ hackerleriñ köp üýşýän ýeri şodyr. Deep Webe diñe erbet niýetli adam girenok gowy adamlaram girýär. Diñe erbet zatlar bar dp pikir etmäñ gowy zatlaram bar. Deep Webe gireñizde Tor - yñ üsti bilen girýäñiz. Ýöne Tor hem o diýen ynamly däldir. Ýöne belli zat ýok köp kişi beýle pikir edenok. Tor bölüminiñ esasy täsinligi gizlinlik bolansoñ hiç kimem onuñ ynamly ýada ynamsyzdygyny bilenok. Deep Webe gireñizde esasy hacker bölümli saýtlar bilen garşylaşarsyñyz. Hackerler siz bilen gowy ýakynlyk gurap siziñ suratyñyz alyp biler. Diñe sorap däl köp kişiniñ aýtmagyna görä girýän telefonyñyzyñ ýada kompýuteriñiziñ öñki kamerasyndanam alyp bilerler. Suratyñyzy alyp milýonlarça adama ýaýratmaklary ahmal. Elbetde sizden ilki sorar we sizden pul talap eder eger isleýän puluny bermeseñiz suratyñyzy hemme ýerik ýaýratjakdyklaryny aýdar. Ondañ alaçsyz pul beräýmeseñ gorkyñ senden üstün çykýar. Deep Webe gireñizde sizin IP adresleriñizi alyp siziñ üstüñize töhmet atyp biler. Meselem özleri bir ýarag satyn alyp, adam öldirip, ýada erbet zatlar satyn alyp ony siziñ IP adresiñize atyp biler. Şeýdip köp adam günäsiz ýere tutulypdyr. Ýöne indi olar ýaly IP töhmet atma işiniñem garşysyna inter gözegçi işgärleri durýar we soñyna çenli gözleýär. Googledäki erbet saýtlaryñam köpüsi şeýle edip bilýär. Elbetde Deep Web de diñe ýalanlar köp bolany sebäpli söwda etmek biraz howply. Ýöne diñe Deep Webde däl Googledede şeýle saýtlara duş gelip bilýäñiz. Saýtda çala ýalñyşlyk geçirseñiz siziñ suratyñyzy alyp pul bermegiñizi isläp biler. Olar siziñ ýaşaýan ýeriñize çenlem bilip biler we sizi gorkuzup biler. Beýle ýagdaýda gorkman diñe inter gözegçilere ýüz tutsañyz bolar. 
2012 nji ýylda bir gyz bir saýda girýär we birden ekranyñ ýüzünde öz suraty çykýar. Soñra biri email bilen hat ýollaýar. Hatda "Maña öz kompýuteriñ kamerasyny aç we kamerañ öñünde hemme eşikleriñi çykar bolmasa şu suratyñy nomeriñi ýaşaýan ýeriñi hemme ýerik ýaýdaryn masgara bolarsyñ, eger polisýa aýtsañ öziñ ökünersin" diýip gorkuzar. Muña gorkan gyz näme etjegini bilmän diýlişi ýaly etýär. Şondada ol hacker gaýta onuñ ýalañaç suratlaryny hem alyp google goýýar. Muña çydamaýan gyz ertesi gün özüni öldürýär. 
Edil beýle hackerleriñ bolşy ýaly ak ýürekli hackerlerem bardyr. 
HAMZA
Ady bilen ýer ýüzüni titreden, Amerikanyñ 17 bankyna çozup, 280 milýon dollaryny Fillipine geçiren ölüm howply Algeriýaly hacker. Elbetde bu hacker adyndan belli bolşy ýaly musulmandyr. Hamza ýaş bolmagyna garamazdan Amerikanyñ 280 milýon dollaryny Filippine geçirdi. Köp kişi bir hackeriñ beýle etjekdigine ynanmady. Sebäbi bu mümkin däldi 280 milýon dollar az zat däldi. Ilki başda tutulmady soñ 280 milýon dollary Filippine geçirenden soñ FBI CIA aýaga galdy. 2013 nji ýylda Taýlantda tutuldy.
Hamza kimileri üçin gaýratly edermen ýigit, kimileri üçin bolsa uly günäkärdi. Onda Hamzanyñ jezasy näme bolardy ? Ölim diýýälerdi. Elbetde bu hackere ölim jezasy berilmegi islendi. Hamzanyñ tutulanda hiç gaýgylanman sada bir gülüş bilen kameralara bakmasy, ýylgyryp kameralaryñ, müñlerçe adamyñ öñünde durmagy onuñ edermen, gaýratly ýigitdigini we beýik hackerdigini görkezýärdi. Filippiny musulman ülke bolansoñ musulmanlar Hamzany hanlary hasaplaýardy. Youtube tutulan wideosy goýlanda aşak teswirlerde musulmanlar "Gaýratly ýigit eken", "Alla oña kömek etsin", "Ýekeje suratyndada ýüzüni asmandyr gaýratly ýigidim meniñ", "Ýylgyrşyña gurban bolaýyn" ýaly sözler ýazypdy. Elbetde o bu sözleri artygy bilen hak edýärdi. Çünki Hamza Amerikanyñ musulmanlara interaktiw işgärleri tarapyndan müñlerçe saýtlarynyñ ýapylmasyndan soñ bu eden etdiligine erbet bolupdy. Olar musulmanlary kiçi düşürjek bolupdylar. Indoneziýanyñ, Müsüriñ, Çadyñ müñlerçe saýtlaryny ýapypdylar.
Hamza umumy 67 ýyl türme we 15 milýon dollar pul jezasyna tutuldy. Şu habary eşitmegiñ özi hem adamy titretýär ýöne Hamza hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyrmasy hemmäni haýrana goýupdy. Hatda gazetçilere ýylgyryp jogap beripdi. Hamzanyn boşadylmasy üçin 100 lerçe hacker döwletlere garşy açyk çozuş yglan edipdiler. Dine olaram däl käbir musulmanlar ýurtlar hem onuñ boşadylmagyny talap edipdi. Käbir ýerlerde goham döredi. Ýöne bu peýda etmedi.
 Hamza öldürildi atly bir wideo çykaryldy. Wideoda Hamzanyñ bokurdagyna ýüp dolapdylar we öldürjek bolup durlardy. Hamza bolsa şo bolşy ýaly ýylgyryp durdy. Elbetde öldirilýän ýeri ýok ýöne diñe asyljak bolup duran wagtyndaky ýagdaýy bardy.
 Soñ köp ýerde bu zadyn yalandygyny açykladylar. Kim bilýär belki Amerika bu hackeriñ inter gözegçi hökmünde ulanmagam ahmal. Sebäbi bular ýaly güýçli hackeri hiç kimiñ sypdyrasy gelmeýär.
Umuman Hamza iñ howply we gaýratly hackerdi. In howply 10 hackerin biridi. 
Dine erbet hackerleriñ ýokdygyny biliñ Hamza ýaly edermen hackerler köp tapylanok. 
OAZBI. 
Hakyky kimligi intägem belli däl we şuwagtam tutulmaýan bu hacker iñ howply we iñ gara doñ ýürekli hackerdir. 
3 müñden gowrak gyzyñ ýalañaç suratlaryny masgaralap Deep Webe, Google goýdy. Nädipmi ? Adamlaryñ telefonyna kompýuterine girmäni başarýardy ýa bolmasa gorkuzup diýenini etmäge mejbur edýärdi. Bir saýt açypdy saýdynda müñlerçe adamyñ masgaralama suraty, viza kart kodlary, erbet adamyñ görmejegi rahatsyz ediji videolaram bardy. Dine munuñ bilen çäklenmän 300 den gowrak adamlaryñ resmi iş bilgilerindäki kodlary, ýasama pasportlar hemi satýardy. 2015 nji ýylda bir gyza öz niginiñ ýagny OAZBI diýip 677 gezek gaýtaladypdy. Elbetde muñ bir sebäbi bardy erbet suratlaryny alyp gorkuzypdyr we adynyñ 650 gezek gaýtalamagyny isläpdir. Gyz hem gorkujuna efirde müñlerçe adamyñ öñinde 677 gezek OAZBI diýip gaýtalap durdy. Soñra bolsa birden efiriñ ýüzüne gyzyñ erbet suratlary çykdy. Oazbi atly bu hacker bular bilenem çäklenmän Amerikanyñ 430 dan gowrak saýtlaryny ýekeje özi ýapyp, girilende  "Don't worry, don't be upset" ýagny GYNANMA KÄN GYNANMAK GOWY DÄLDIR diýip içyakgynç sözi goýýardy. Soñra Finlandiýanyñ Banklaryna çozup "Meniñ kartym işlänok" diýip durar ýaly etmänem başarypdy. Deep Webde edenini etýärdi. Chat otaglarynda ýürekbulanç suratlar paýlaşýardy we bu eýleki adamlara ýaraýardy. Sebäbi ol Deep Web o ýerde her kim erbetligiñ başynda. 2010 njy ýylda WAHŞY ARZUWLAR atly saýdyñam şu hacker tarapyndan gurlandygy bilindi. Köpüñiz bu saýdy öñ eşdensiñiz içinde her kim edesi gelýän erbetligi ýazýar we aşagynda şoña görä jogaplar alyşýalardy. Meselem bir zat ogurlamak üçin kömek soraýalardy, ýada adam nädip öldürler ? Gan içmegiñ peýdasy, öldürmegiñ lezzeti, kösemegiñ şerapdygy, jynsy gatnaşyk we mundanam beter hatda aklyñyza gelmejek erbet pikirlerem bar şo ýerde. Her kim gaharlansa yada nerwisi bozulsa şo saýda girip içini dökip bilýärdi. Içinde iñ hiç kim bilen paýlaşyp bilmeýän syrlarynam paýlaşýardylar. Sebäbi o ýerde gowy adam ýokdy diñe psikopatlar, ganhorlar, haýwan operasiýa doktorlar, erbet hackerler, ogrular, däliler, mafýalar, kellekeserler ýaly iñ erbet erbet adamlar girýärdi. O ýerde gowlyk ýada düzgün ýöränok. O ýerde azatlyk bolany üçin hemme kişi aklyndan geçen erbet pikirleri paýlaşýardylar. Ynanaýyñ intek aklyñyza gelmejek pikirlerem bar. Bu ýerde erbet pikirlerini paýlaşyp keýp alýalardy. Oazbi bu saýdy ilki googlede açypdyr ýöne google beýle zady asla saklamaýar. Soñra Deep Webiñ has soña Dark Webiñ düýbüne geçirildi. Girmek mümkin däl diýen ýaly.
Umuman bu hacker şunça edenlerine garamazdan şuwagtam tutulanok bolmasa ençeme ýyldan bäri gözlenip gelinýär. Intek gyzmy oglanmy özi barada ýekeje bilgem ýok. Ýöne şuny bilýäler kelle düzüw adam beýle zatlary etmeýä.
Gardaşlarym umuman şeýle size şuwagt ak we gara hackerler barada gürrün berdim. Ýene beýle hackerler gaty köpdir. Bularyñ edip bilmejek zady ýokdyr unutmañ şuny. Kelläñize gelmejek zatlary hem edip bilerler.
Şo sebäpli nätanyş ýada girmeli däl diýlen saýtlara girmejek boluñ. 5 minudyñ içinde etmejek zatlary ýok olañ. 
Siz bu zatlar barada näme pikir etseñiz soragñyz bar bolsa aşak ýazyñ.

Yorumlar

  1. Hamza gowy edipdir men pikirimice

    YanıtlaSil
  2. Yurekli adamlaram baray 67 yyl turme diyarou eyyam son ozem adamyn sacyny agyrta welin o gulup dura

    YanıtlaSil
  3. In guycli haker grup men pikirimce ayyildiz tim

    YanıtlaSil
  4. Ayyildiz Tim däl iñ guýçli Shadow Albert Gozillan gruby

    YanıtlaSil
    Yanıtlar
    1. O grup yapyldy indi dine ayyildiz ba inim

      Sil
  5. Yanıtlar
    1. Anonymous dan ayildiz tim has guycli wideolarda kan yutubda

      Sil
  6. Ay gel jigim sen bn jedel ediseli Ayyildizin hacker grubam dalou yalan sozlap yor

    YanıtlaSil
    Yanıtlar
    1. Nadip yalan sozlap yor

      Sil
    2. Howa ayyıldız tim hacker grup dal türk ün siber goragçysy. Dünýäde iň uly protest herekedini eden hem Anonymous topary ol häzire çenli hem atkiv ayyıldız tim ol 2002 de dörän Anonymousyñ dörän wagtlary ayyildiz tim iñkiler gumda oýnap ýördüler

      Sil

Yorum Gönder

Iñ köp okalanlar

Syrly wakalar official